Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

25.10.2024

25-nji oktýabrda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Mahmut Er bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de milli Parlamentiň kanunçykarjylyk işi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, özara düşünişmek we ýakyndan  goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki döwürde köpugurly gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlarynda ýokary derejede ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

patenty info THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Haýsy Ýewropa uniwersitetleri iň köp patent arzasyny berýär?

zjaxqztg2s4s19lhx41nvd7vfbfuztxki9h7wzb1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop