udro9djizrmnbircpbhsrxi3hziwku1pke5o2fqu scaled THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat» atly 1-nji bölümi geçirildi

14.10.2024

Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat» ady bilen geçirilen 1-nji bölümi öz işini jemledi.

Onuň dowamynda çykyş eden parlamentariler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny we geriminiň giňeýändigini bellediler. Sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde özüne möhüm orun degişli bolan bu gatnaşyklaryň geljekde hem ösdürilmeginde parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Parlamentariler durnukly ösüşi üpjün etmekde, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde, parlament we kanunçykaryjylyk işinde toplanan milli tejribeler, şeýle hem ikitaraplaýyn esasda döredilen parlament dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan-parlamentarileriň we ýaş parlamentarileriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola  goýmagyň usullary barada pikir alyşdylar.

Bölümiň işine gatnaşyjylar dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dörediji döwlet diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň merjen paýtagty Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ýokary guramaçylykly derejede guralandygyny hem-de döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cpbcdxmu9e9gyrrf5ignxmvgy8v1xfhoamggosjq THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE TÜRKMEN-KOREÝ IKINJI GEŇEŞME MASLAHATY GEÇIRILDI

1280 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 14.10.2024

Soňkylar Habar

GitTop