Dark
Light
03.01.2026
3c06c8624fc964726e320d311a7c7dc0 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlyk, terbiýe, edep

24.10.2024

Bu günki gün türkmen ýaşlaryny ylym- bilim bilen terbiýelemek , olaryň dünýäniň hiç bir halkynyň ýaşlaryndan galmaly däldigini gazanmak üçin olaryň yhlaslaryna tarap barýan göni ýol elbetde buýsançlydyr . Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşlary gelejegiň ösen ykdysady üpjünçiliginiň, halkymyzy bol- elin ýaşatmagyň düzgünlerine itermek maksady bilen geçiurilýän bu okuw maksatnamasy bolsa, gelejegi öňünden görýän türkmen halkynyň terbiýe mekdebi bilen baglanşyklydyr. Aslynda atanyň ogly, enäniň gyzy durmuşa terbiýelemesi bu gadymdan türkmen halkynyň däp- dessur bieln gündelik durmuşyna salan okuw- terbiýe mekdebidir. Zähmete, hojalygy döwletli edip taýýarlamagyň hatyrasyna ýumuş oglany edip ýetişdirlýän körpe nesliň gelejeginde hiç hili horluk bolmajagy mese- mälimdir.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen gelejege ugrukdyrmak üçin ellerinden gelenini edýärler. Şol sebäpli-de ýurdumyzda geçirilýän ajaýyp sergileri ýola goýmak bilen halk bähbitli işlerde Halk bähbitli işleriň halkara derejesine çykmagy üçin ýurdumyzda ýokary derejede zähmet çekilmegi hem- de bu günki gün abraýly halkara guramalary bilen ýurdumyzdaky telekeçilik ulgamynyň ykdysady reformalaynyň ýola goýulmagy wajyp meseleleriň biridir.
Türkmen topragynyň gadymy binagärçilik sungatynda şekilleriň görnüşleri, tagmalar we şekiller aýratyn orun alýar. Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hereket edýän wirtual muzeýiň görnüşlerine syn etmek bolýar. Bu günki gün dünýäniň çar ýanynda arhitektura gurluşy boýunça sazlaşýan binagärlik sungatynyň gelejekde taryhy has çuň öwrenilip, şol esasynda hem uly işleriň amala aşyryljakdygy hakynda binagärlik sungatynyň taryhyndan söz açýan ylymlara tassyklaýar.

Türkmenistanyň hem taryhy ýerlerinde tapylan siwilizasiýanyň aglyndylary taryhy binalardyr ýerler, türkmen topragynda hem binagärlik sungatynyň gadymy ösen derejleriniň bolandygyny subuyt edýär. Şeýle uly taryhy ýeriň mazmun açary ýer bilen gögüň arasyndaky ynandyryjy güýçleriň arasynda ýaşaýan adamlaryň salan binagärlik arhitektura ýadygärlikleri hakynda sanawa girýän siwilizasiýon merkezleriniň biridigini subut etdi. Olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşlerinde ýaş ýürekleriň joşgunyny öňe çykarýan uly mümkinçiliklere mysallardyr.Ýurdumyzda ata-baba ýörelgäniň netijesinde halkymyzyň agzybirliginiň, dostana gatnaşyklarda üstünlik gazanmaklarynyň hem- de parahatsöýüjilikli maksatlara gulluk edilmeginiň nyşany bolan belent mertebeler halk bähbitli çözgütlere aýdyň mysal boldy.

Ýurdumyzda edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär. Ýörelgäniň aýdyňlygy elbetde milletimiziň gadymylygy, şöhratly taryha eýeliginden hem- de milli däp- dessurlarymyza goýulýan sarpadan çeşme alýandygy mälimdir.
Hormatly Prezidentimiz hem ata ýörelgesi bilen türkmen ýaşlaryny hyjuwly okgunlylaga atarmakda elinde baryny edýär. Biz bolsa, biz ýaşlar üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Hurma GULBERDIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27.01.2022 alabay THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Artykmaç jandar

206c36b30c49a1b308966d65f35452b25b9fdf3e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Atlar biziň buýsanjymyz

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop