Dark
Light
24.01.2026
290417 19 THE ASHGABAT TIMES

Ahalteke atlary

13.11.2024

Ahalteke tohum atlary türkmen halkynyň milli mirasy, guwanjy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň baýlygy bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke we ýomut tohum atlary, türkmen atçylyk we seýisçilik sungaty täzeden dikel‑dildi. Ahalteke atlaryna bolan halkara islegiň artmagy türkmen at çapyşyklarynyň, at üstündäki milli oýunlarynyň, türkmen seýisçilik sungatynyň halkara derejesine çykmagyny talap edýär.

At we atçylyk türkmeniň geçmiş taryhynda ata Watanyny keseki basybalyjylardan gorap saklamakda, halkyň gündelik ýaşaýyş hem-de hojalyk durmuşynda bahasyna ýetip bolmajak öňdebaryjy ýokary tizlikli harby we hojalyk ulag serişdesi bolup hyzmat edipdir.

Türkmenler öz döwründe kämil at tohumyny döretmegiň, atlary saklamagyň we köpeltmegiň, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň, olary harby işlerde ulanmagyň, seýislemegiň we toýda-tomaşada at çapdyrmagyň tilsimlerini dünýä halklarynyň arasynda ilkinji bo‑lup gowy bilipdirler. Atly ýörişler, at çapyşyklary, milli at üstündä‑ki oýunlary, at eýer-esbaplary gadymy döwürlerde türkmenlerde ilki döräp, soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna-da ýaýrapdyr we dünýä bel-li türkmen atçylyk medeniýetini döredipdir.

At münmek, at çapmak ugurtapyjylygy, çalasynlygy, öz-özüňe erk etmegi, edermenligi we watansöýüjiligi terbiýeleýär, ynsana be‑den saglygyny gorap saklamaga kömek edýär. At münmek taýýar‑lygy Watan goragçylaryna, serhetçi esgerlere-de gerekdir. At bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolmak bolsa, adamlarda ata bolan ýakyn duýgyny oýandyrýar. Häzirki döwürde atly syýahat, gezelençler et‑mek medeniýetli dynç almagyň bir görnüşidir.

Türkmenistanda arassa ganly ahalteke we ýomut tohum atçylygyny ösdürmegiň meseleleri we geljegi «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2001 – 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Baş ugry milli Maksatnamasy» bilen kesgitlenendir.

Jeren ÖWEZOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 12 11 2024

20241110 163925 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

HALKARA MATEMATIKA BÄSLEŞIGINDE TÜRKMEN TALYPLARY ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDILER

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop