vystuplenie de pretto THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda ITTC-2024-de Halkara Ulag Bileleşiginiň baş sekretary çykyş etdi

26.11.2024

26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş 2024” (ITTC-2024) konferensiýasynda Halkara Ulag Bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto çykyş etdi.

Umberto de Pretto, ulag pudagynyň häzirki zaman kynçylyklary barada gürrüň etdi. Olaryň arasynda IRU-nyň ýolbaşçysy hünärli işgärleri taýýarlamak we howanyň hapalanmagyny agzady. Ol ulag pudagynyň 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nol derejesine çenli azaltmagy maksat edinýändigini belledi. Onuň pikiriçe, bu kyn, ýöne ähli taraplaryň bilelikdäki tagallalary bilen gazanylmagy mümkin wezipe bolup durýar.

Daşary ýurtly myhman, serhet geçelgeleriniň dowamlylygyny azaltmagyň zerurdygyny hem belledi. Ol munuň halkara logistikanyň netijeliligine ýardam berjekdigini nygtady. Mundan başga-da, halkara düzümiň wekili, ulag pudagyndaky köp sanly meseleleriň çözgüdiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde sanlylaşdyrmagyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:08 pm, Feb 23, 2025
temperature icon 1°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
transportnyj forum v ashhabade THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ITTC-2024-de TRACECA-nyň baş sekretary çykyş etdi

turkmenistan usovershenstvuet jelektronnuju tamozhennuju sistemu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan elektron gümrük ulgamyny kämilleşdirýär

Soňkylar Habar

GitTop