transportnyj forum v ashhabade THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda ITTC-2024-de TRACECA-nyň baş sekretary çykyş etdi

26.11.2024

26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2024) konferensiýasynda TRACECA-nyň baş sekretary Aset Asawbaýew çykyş edip, halkara logistika hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturasy modernizasiýasynyň ähmiýeti barada pikirini aýtdy.

Asawbaýewiň pikiriçe, Türkmenistany Azerbaýjan, Eýran we Türkiýe bilen birleşdirýän Transkaspian halkara ulag ugruna (“Lazurit geçelgesi”) aýratyn rol degişlidir. Ol bu geçelgäniň mundan beýläkki ösüşi üçin taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

TRACECA-nyň baş sekretary, şeýle hem, elektron ulag resminamalaryna geçmek meselesine degindi. Asawbaýew, munuň halkara logistikanyň ösmegine ýardam berjekdigini, multimodal ugurlaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we ulag ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerini birleşdirjekdigini, döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny nygtady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
615f34000d transportnyj forum v ashhabade THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belarusyň Türkmenistany bilen işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek niýeti bar

vystuplenie de pretto THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda ITTC-2024-de Halkara Ulag Bileleşiginiň baş sekretary çykyş etdi

Soňkylar Habar

GitTop