Dark
Light
27.12.2025
glawny 1 THE ASHGABAT TIMES

Atym bar ganatym bar

08.11.2024

Türkmen halky özüniň uzak taryhy döwründe dünýäniň maddy we medeni hazynasy-na hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak birnäçe milli gymmatlyklary goşupdyr. Şolaryň biri-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň juda adalatly belleýşi ýaly, gamyşgulak bedew atlarymyzdyr.

Ak ýoly bilen, ak aty bilen türkmen halkyny bagtyýar günlere alyp barýan paýhasly, dana Arkadagymyzyň akylly edewi çagalykdan, ýaşlykdan özüne ýakyn dost saýandygy, çyrpynyp duran bedew ata ussatlyk bilen erk edýändigi aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Ahalteke bedewleri gadymy pederleri-miz tarapyndan mundan birnäçe müň ýyl ozal döredilipdir. Olary dünýäniň birnäçe döwletleri özleriçe dürli-dürli atlandyrypdyrlar.Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup, dünýä atçylygynda iň gadymy tohumlaryň biri hasaplanýar. Bu tohum ilki «Türkmen atlary» hökmünde tutuş Ýer ýüzünde giňden tanalypdyr. Soňra ençeme asyrlaryň aýlanyp, döwürleriň dolanmagy bilen, Ahal sebitinde ýaşaýan teke taýpasynyň ösdürip ýetişdirýän tohum atlary owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan has tapawutlanypdyr hem-de ahalteke tohumy hökmünde özüni tanadypdyr.

Aba aga il içinde «atyň üstünde ulalan» adam hökmünde tanalýar. Aba aga atçylyk boýunça köp zatlary bilipdir. Ol atlary idetmegiň, seýislemegiň ussady bolupdyr. Bedewlere bolan çuňňur söýgi Anna aganyň kiçi ogly Berdimuhamet aganyň hem ýüreginde berk ornaşypdyr. Berdimuhamet aga özüniň Dagarman diýen bedewini iň ýakyn syrdaşy hökmünde söýüpdir.

Bedewlere bolan şeýle hormatyň, sylagyň, at şynaslygyň ata-baba nesilden – nesle geçip gelmegi Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsine düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Elbetde, Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň uçar ganaty hasaplanylýan bedew atda çapmagy hem-de bedew ata münüp sahawatly türkmen sähralaryna, daglaryna, düzlerine aýlanmagy, at üstünde gezelenç etmegi şöhratly zamanamyzyň ýokary tizlikdäki buýsançly ösüşleriniň çeper öwrümli şöhlelendirilmesidir.

Begli MAMMEDOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

what is broadcast journalism exploring its meaning history types 1488x880 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Žurnalistika jemgyýetiň ruhy aýnasy

unnamed THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pedagogika ylymda

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop