Dark
Light
28.12.2025
101024 01 fragi THE ASHGABAT TIMES

Beýik akyldar şahyrlaryň ajaýyp ýadygärlikleri

07.11.2024

2024-nji ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütindünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

Şol şahyrlaryň biri hem 1956-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi bolan Huan Ramon Himenes. Huan Ramon Himenes 1881-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Moger şäherinde doguldy. Ol maşgalada iň kiçi çagady. Çagalygynda Huan Ramon örän arzuwçyl oglanjykdy, ol owadan zatlara uzak wagtlap haýran galyp seredip durup bilýärdi. Ol kaleýdoskopa seretmegi örän gowy görýärdi. 1893-nji ýylda ol iýezuit kollejine okuwa girýär. Üç ýyldan soň, bakalawr derejesini hem-de orta bilim alyp, ol Sewiliýanyň uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girýär. 1898-nji ýylda Huan Ramon Himenes uniwersiteti taşlap, şygryýet bilen ymykly meşgullanýar. Ol fransuz şahyrlary Bodleriň, Warleniň, Mallarmeniň şygyrlaryny içgin okaýar.

Tankytçylar Himenesiň döredijiliginde üç tapgyry tapawutlandyrýarlar – birinji tapgyrda ol Bekkeriň romantik lirikasynyň, Bodleriň hem-de Werleniň fransuz simwolizminiň täsirlerini başdan geçiripdir. Ikinji tapgyrda ol Bleýkiň, Şelliniň, Emili Dikinsonyň we Uilýam Batler Ýeýtsiň işlerindäki ruhubelentlige gaplanýar. Onuň döredijiliginiň üçünji tapgyry ruhy seljermelere hem-de ýiti aýdyňlyga ymtylmaga ýakynlyk bilen tapawutlanypdyr.

Huan Ramon Himenesiň ömrüne degişli wakalar barada 2015-nji ýylda režissýor Antonio Gonsalo tarapyndan «Wagt pursadyndaky ýagtylyk» atly çeper film surata düşürildi.

Muhammetmyrat DÖWLETMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 07.11.2024

original 1611b5c0530987.jpeg 1698809868 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energetikleriň alyp barýan uly ösüşleri

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop