Dark
Light
27.12.2025
1 271 THE ASHGABAT TIMES

Ekologiýa abadançylygy

20.11.2024

Adam siwilizasiýasynyň ösen döwründe, adam tebigat gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary almaklyk we olary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri çözmäge ekologik bilim we terbiýe örän uly täsirini ýetirýär. Daş-töweregi gurşap alan maddy dünýä –tebigat adamzadyň ýaşamagynyň iň möhüm şertidir. Ol adamyň durmuşy üçin çig malyň, energiýanyň, iýmit önümleriniň, suwuň, howanyň we beýleki maddy baýlyklaryň çeşmesidir. Şoňa görä-de hojalyk işleriniň gidişinde adamzat jemgyýeti tebigata hemişe täsir edip durýar, ony özüniň bähbitlerine laýyklykda özgerdýär.

Ekologiýa –organizmleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalarynyň daşky gurşaw bilen (şol sanda beýleki organizmler we tebigy toparlanmalar bilen) özara gatnaşyklaryny öwrenýän ylmy pudak. Ekologiýa biologiýa ylmynyň bir bölümi hasaplanylýar. Ekologiýa grekçe “oikos” sözünden bolup, öý, watan (janly-jandaryň ýaşaýan ýeri) diýen manyny berýär.

Ekologik sebäpler, täsir edijiler–organizmleriň ýaşaýyş şertlerini kesgitleýän daşky tebigy gurşawyň dürli bölegi. Olara abiotik (temperature, ýagtylyk, şöhle, çyglylyk, basyş, ýagyn, ýel we ş.m.), biotik (janly organizmleriň biri-biri bilen arabaglanyşygynyň şekilleri) we adam tarapynda döredilen, ýagny göze görünýän madda, adam zähmetiniň netijesiniň hadysa görnüşli üýtgeşmeleri ýaly täsir edijiler degişlidir. Tebigaty goramak adamyň hojalyk hem-de medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan tebigy baýlyklary ýerlikli peýdalanmak, goramak we dikeltmek meselelerini üpjün edýän döwlet hem-de jemgyýetçilik çäreleriniň ulgamydyr.

Dünýäniň beýleki ýurtlarynda ekologiýa ylmynda edilen açyşlar, gazanylan üstünlikler Türkmenistanda hem bu ylmyň ösmegine getirdi. Türkmenistanda ekologiýa ylmynyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ylmy açyşlar, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, olaryň biziň tebigy şertlerimize bolan ýöriteleşmeleriniň syrlaryny ýüze çykarmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Amanbike NAZAROWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

64706781b7272091586417 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulag-kommunikasiýa pudagynda uly ösüşler

shutterstock 1731631453 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Biodürlülik – tebigatyň gymmatlygy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop