Dark
Light
28.12.2025
60d559053e1af271134422 THE ASHGABAT TIMES

Energetika ulgamy

21.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy Türkmenistany dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwürmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işlere goşant boldy.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, barlag-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullaryny ulanmagyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr.

Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

11212024 usembassy press release atch 1 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TRANSMILLI GURAMAÇYLYKLY JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNI ALMAKDA ÝAŞLARYŇ MÖHÜM ORNY

alem kosmos THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kosmos giňişligi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop