Dark
Light
28.12.2025
20241110 163925 1 scaled THE ASHGABAT TIMES

HALKARA MATEMATIKA BÄSLEŞIGINDE TÜRKMEN TALYPLARY ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDILER

13.11.2024

      Ýaňy-ýakynda 7-11-nji noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde geçirilen halkara matematika bäsleşiginde türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Bu bäsleşige Polşanyň, Rumyniýanyň, Gresiýanyň, Awstriýanyň, Özbegistanyň talyplaryndan düzülen 26 topardan ybarat bolan 121 talyp gatnaşdy. Talyp ýaşlaryň gatnaşan bu olympiadasy iki günläp dowam edip, birinji gününde bakalawr hem-de magistr derejeleri boýunça şahsy bäsleşik geçirildi. Ýaryşyň ýeňijileriniň sanawnamasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň adynyň ýazylmagy bizi diýseň begendirýär. Institutymyzdan Annaýew Muhammet baýrakly 2-nji oruna we kümüş medala, Turaýew Baýram hem-de Goçyýew Nurmuhammet baýrakly 3-nji oruna we bürünç medala mynasyp boldular, ýaryşyň ikinji gününde toparlaýyn bäsleşik geçirilip, talyplarymyz bu görnüşde bürünç medalyň eýeleri boldular. Sözümiziň ahyrynda diňe bir öz talyplarymyzy däl, bu bäsleşikde ýokary netije görkezmegi başaran beýleki Türkmenistanly talyplarymyzy hem gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Ýurdumyzda ylymly bilimli ýaşlary ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, il ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara ýar bolsun.

Şageldi HUDAÝBERDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

290417 19 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ahalteke atlary

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 13.11.2024

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop