Dark
Light
24.01.2026
6 35 THE ASHGABAT TIMES

Haýwanat dünýäsiniň ylmy

11.11.2024

Adamlar gadymy eýýamlardan bäri tebigy baýlyklar bilen birlikde dürli ýabany haýwanlardan peýdalanmakda köp tejribeleri toplap gelipdirler. Haýwanlary awlamak bilen olaryň ýaşaýşyny, gurluşyny öwrenipdirler. Ylymlaryň köpüsiniň düýbüni tutan gadymy grek alymy we filosofy Aristotel (b.e.ö. IV a.) zoologiýa ylmynyň hem başlangyjyny goýupdyr. Ol «Haýwanlaryň taryhy», «Haýwanlaryň bedeniniň bölekleri barada», «Haýwanlaryň gelip çykyşy barada» we ş.m. işlerinde öz döwründe belli bolan haýwanlaryň 452 sany görnüşini ýazyp beýan edipdir.

Rimlileriň alysdaky ýurtlara amala aşyran ýörişleri netijesinde Demirgazyk Afrikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň haýwanlary baradaky maglumatlar baýlaşdyryldy. Feodalizm döwründe, feodallaryň emläkleriniň Ýewropanyň dagynyk döwürlerinde jemgyýetiň üstünden din agalyk edip, ylmyň ösmegini bökdäpdir. Haýwanlary öwrenmek hem uzak wagtlap durgunlygy başdan geçirdi.

XVI asyryň ahyryna çenli Ýer togalagynyň dürli böleklerinden haýwanat dünýäsi barada ýygnanylan maglumatlary tertipleşdirmek we jemlemek zerurlygy döräpdir. Zoologiýa degişli şeýle işleriň için-de şweýsariýaly alym K.Gesneriň (1516 – 1565 ý.) köp tomly maglumatlary – «Haýwanlaryň taryhy» atly işi şol döwrüň haýwanat dünýäsi barada iň hakyky we möhüm ensiklopediýa hasap edilýär. Haýwanlaryň ewolýusiýasy barada pikirleriň ösmeginde meşhur fransuz tebigatçysy Ž.Lamarkyň (1744 – 1829 ý.) uly hyzmatlary bardyr. Ol K. Linneý tarapyndan hödürlenen ulgamlar baradaky ylmy (sis-tematikany) ösdürdi we kämilleşdirdi.

Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi barada ylmy maglumatlar XVIII asyrdan başlap dünýä ylmy çeşmelerinde duş gelip ugraýar. Zoologiýa ylmynyň Türkmenistanda döreýşi we ösüşi baradaky irki maglumatlar ýörite edebiýat çeşmelerinde beýan edilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň alymlary haýwanat dünýäsini öwrenmekde uly üstünlikler gazandylar. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň hemme ulgam toparlarynda üstünlikli işleýän alymlar zoologiýanyň dürli ugurlaryndan (pudaklaryndan) örän möhüm ylmy işleri ýerine ýetirdiler.

Anwar BAZAROW
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

landscape of the reserva de biosfera ai art by cyberflora dhqfg8s fullview THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biosfera

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 11.11.2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop