Dark
Light
27.12.2025
img 20200419 183003 THE ASHGABAT TIMES

Il saglygy ýurt baýlygy

06.11.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy “Eý, sport! Sen — parahatçylyk!” diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň “Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli” diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň milli Lideri gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly gahryman Serdarymyza köp- köp sag bolsun aýdýarys!

Göwher BERDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

energetika THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Elektroenergetika pudagynyň ösürilmegi

02 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň 70 ýaşy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bellenildi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss