Dark
Light
28.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä wagyz etmek barada döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiliginiň giňden öwrenilmegi alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.

Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň tematik özboluşlylygyda makalalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapypdyr.

Şahyryň 300 ýyllyk toýy mynasybetli onuň öwrenilişi bilen baglanyşykly dürli işler alnyp barylýar. Şahyryň edebi mirasy täzeden halka ýetirilmek bilen birlikde, şol mirasyň pelsepe hem dünýägaraýyş esaslary dogrusynda birnäçe ylmy, edebi işler taýýarlanyldy, ençe ýola döwlet hem halkara derejesinde ylmy–amaly maslahatlar geçirilýär.

Beýik Magtymgulynyň dünýäniň durkuny hasyl edýän düýpli zatlary, dünýäniň barlygynyň we ösüşiniň ählumumy kanunalaýyklyklaryny çuňňur beýan edýän şygyrlaryndaky filosofik garaýyşlary bütin adamzada bitewiligi ündeýär. Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz şol bitewilikden ugur alýan syýasaty ýöretmek bilen, biziň Berkarar döwletimiziň diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň, tutuş ynsanyýetiň rowaç ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işlerine mynasyp goşant goşýan döwlet bolmagyny üpjün edýär.

Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy maslahatlaryň, kitap sergileriniň, beýleki okuw mekdeplerinde döredijilik bäsleşikleriniň, şahyrana okaýyşlaryň, edebi duşuşyklaryň we sapaklaryň, görkezme-açyk sapaklaryň guralýandygy beýik akyldaryň ömür-döredijiliginiň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleri gyzyklandyrýandygynyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek, onuň eserlerini dünýä dillerine terjime etmek täze belentliklere göterilýär. Munuň şeýledigine köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen yzygiderli tanyş bolanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna dünýäniň örän köp ýurtlarynda uly isleg bildirýärler, onuň goşgularyny öwrenýärler.

Şöhrat ŞYHYNÝAZOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

656581a77e191902777685 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azyk senagaty

11212024 usembassy press release atch 1 4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TRANSMILLI GURAMAÇYLYKLY JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNI ALMAKDA ÝAŞLARYŇ MÖHÜM ORNY

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop