Dark
Light
24.01.2026
alem kosmos THE ASHGABAT TIMES

Kosmos giňişligi

21.11.2024

Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin, bütin Yeri bir koordinatalar ulgamyna getirmek zerurlygy, başlangyç we ugry ylalaşykly döwlet geodeziki torlaryň koordinatalaryny Yeriň massasynyň ortasy bilen baglanyşdyrmak zerurlygy ýüze çykdy.

Ýeriň emeli hemralarynyň hereketleri ýerin çekiş güýjiniň meýdanynda bolup geçýär, şol sebäpli bu meýdany öwrenmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar.Yeriň emeli hemralarynyň we kosmiki raketalaryň tizliginiň ýokarlylygy sebäpli, täze ölçeýji gurallary we ol maglumatlary gaýtadan işlemek ulgamlaryny döretmeklik zerurlygy döredi. Yeriň grawiatasion meýdanynda hereket edýän kosmiki abzallaryň we şol meýdanyň häsiýetlerini kosmiki serişdeleriň kömegi bilen Ýeriň üstundäki nokat bilen baglanyşdyrmak kosmiki geodeziýanyň meselesidir. Kosmiki geodeziýanýň medseleleri, kosmiki gurallaryň koordinatalaryny, ölçemeleriň netijesinde ugruny, aralygy we tizlikini kesgitlemäge esaslanandyr.

Koordinatalary belli bolan stansiýadan we koordinatalary belli bolmadyk stansiýadan Yeriň emeli hemrasynyň koordinatasyny kesgitländen soň belli bolmadyk stansiýanyň koordinatasyny kesgitlemek bolýar. Ýeriň emeli hemrasynyň hereketi grawiatasion meýdanynyň täsirinde bolup geçýär hemranyň hereketini koordinat görnüşde öwrenmek, grawiatasion meýdan barada maglumatlary almak bolýar.

Ýeriň hemralarynyň koordinatalary esasan hem aralyk, burç ölçegleriniň netijesinde we bagly tizliklere görä kesgitlenilýär. Aralyk we bagly tizlikler radiotehniki we lazer serişdeleri bilen ölçenilýär. Burçlary ölçemeklik topografiki ýa-da radiotehniki serişdeleri bilen geçirilýär.

Gülçähre NURMEDOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

60d559053e1af271134422 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika ulgamy

44593257 db45 4329 8fab d623ad12427c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” körpeleriň şygary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop