Nusgalyk şäher

04.11.2024

Aziýanyň merjeni bolan “Arkadag” şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda Arkadag şäheriniň giňemeginde gurluşyk meýdançalaryň geriminiň giňemegi halkymyzyň dünýä standartyna gabat gelýän uly mümkinçiliklerden peýdalanýandygyny alamatlandyrýar. Gurluşyk meýdançasy köptaraply meýdança.Arkadag şäheriniň gözellig onuň gurluşyk taýdan hem ajaýyplygyny aňladýar hem-de häzirki günlerde bagtyýar ýaşaýşy emele getirýän gurluşygy boýunça barha giňeýän bu şäheri görmedikler göresi gelýär we görenler ýene-de görmäge gelýär. Ol ýerde geçirilýän çäreler hem-de baýramçylyklar bolsa şäheri öňküsindenhem bezeýär. Munda taslama işlerinden başlap, tä ki şol desga boýunça gurmakda has öňe barýan diýarymyzyň durnukly ösüş strategiýasy bu günki gün ýurdumyzda edilýän işleriň derejesiniň ýokarydygyny subut etdi. Arkadag şäheri sanly şäher hökmünde hem ýokary netijeler gazandy. Her bir ýerde döredilen mümkinçilikler bagtýar halkymyzyň bu günki gün has giňişleýin kemala gelen dostana şäher bolmagyny gazandyrdy. Dogrusy şäher we oba gurluşyk işleri biziň ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýar we halk bähbitli işleriň sanawynda gurluşyk desgalary hem-de şäher gurluşygy giňden ýaýbaňlanýar. Hut Arkadag şäheri bolsa, munuň janly şaýadydyr. Bu şähere gelen her bir syýahatçy bolsa, her biriniň bu şäheri görmekde syýahatçylary kabul edişleri we syýahatçylyk maksatly iş alyp baryşlary dürli- dürli we ýokarydyr. Gurluşynda dünýäniň iň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edinmesini gazanan bu şäher bolsa, gurluşygy üçin harajatlaryň hakyky bahasynyň maliýeleşdirilmegi karz edarasy tarapyndan paýçylaryň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda, ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleriniň hasabyna hakyky ýerine ýetirilen işleriň möçberlerini tassyklaýan resminamalaryň esasynda amala aşyryldy. Munuň özi hemme taraplaýyn sanly ulgam arkaly iş edilmegi, häzirki zaman talaplarna laýyklykda işleriň netijesidir. Bu şäheriň döwrebaplygy resminamalaryň sanawy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan bank bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär. Bu ýerde Döwlet sirki , teatr we beýleki medeni edaralar hem öz gözelligi bilen haýrana goýýar. Olaryň her biri Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşýar. Teatr sungaty asyrlar döräli bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýän sungat. Şeýle- de teatr ynsana iň çalt hem- de gaty täsir edip bilýän sungat hökmünde çenli gelýär.

Ýurdumyzda ata-baba ýörelgäniň netijesinde halkymyzyň agzybirliginiň, dostana gatnaşyklarda üstünlik gazanmaklarynyň hem- de parahatsöýüjilikli maksatlara gulluk edilmeginiň nyşany bolan belent mertebeler halk bähbitli çözgütlere aýdyň mysal boldy.
Arkadag şäherinde hereket edýän edara – kärhanalryň ählisinde mynsayp iş orunlary bolan , tejribeli hünärmenleriň hem hersiniň öz ýerinde işlemegi bu ajaýyp şähere bolan söýgiňi has-da artdyrýar. Ýörelgäniň aýdyňlygy elbetde milletimiziň gadymylygy, şöhratly taryha eýeliginden hem- de milli däp- dessurlarymyza goýulýan sarpadan çeşme alýandygy mälimdir. Arkadag şäheriniň dünýä ýaň salan gözelligi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyz hakda edýän aladalaryndan ugur alyp, Tehnologiýa we başga işewürlik prosesleri boýunça dürli işleri alyp barmak hem häzirki wagtda tehnologiýalaşdyrylan zamanda däbe öwrüldi. Bu şäherde ýaşlar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermekde tutanýerli zähmet çekýärler. Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Arkadag şäheriniň ýaşlary hem gelejegiň ösen ykdysady üpjünçiliginiň, halkymyzy bol- elin ýaşatmagyň düzgünlerine itermek maksady bilen geçiurilýän bu okuw maksatnamasy bolsa, gelejegi öňünden gündelik durmuşyna salan okuw- terbiýe mekdebidir. Bu günki gün dünýäniň çar ýanynda arhitektura gurluşy boýunça sazlaşýan binagärlik sungatynyň gelejekde taryhy has çuň öwrenilip, arasyndaky ynandyryjy güýçleriň arasynda ýaşaýan adamlaryň salan binagärlik arhitektura ýadygärlikleri hakynda sanawa girýän siwilizasiýon merkezleriniň biridigini subut etdi.

Biziň vurdumyzyň iň gözel künji bolan Arkadag şäherinde durmuş maksatly taslamalar hem giň gerim bilen ýaýbaşlanýar. Bu bolsa, ýaşlarymyzyň döwlet gurluşyk maksatly desgalarda hem uly orunlarynyň bardygyny görkezýär. Bu diňe Gharyman Arkadagymyzyň hem-de Arkadgly Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan ugur alynyp ýola goýulan ýörelgedigi bilen subut edilýär. Çünki Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň işleriniň ýurdumyzy ösdürmek babatynda ýola goýulmagyna uly üns berýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Türkmenistan diýarymyzyň täze ösüşleri ýurdumyzda täzelikleriň hem- de ösüşleriň has dabaralanmagy bilen baglanşyklydyr. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň, medeni ösüşleriň şeýle hem bilim ulgamyndaky ösüşleriň hetdi- hasaby ýok. Gahryman Arkadgymyzyň taýsyz tagallasy bilen Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän işler sanardan kän. Şol ugur boýunça häzirki günlerde ösüşleriň nyşany bolan baýramçylyk çäreleri geçirilýär hem-de raýatlarymyzyň drumuş- ykdysady şeki8llerini has- da ýokary götermek we olaryň baýamagyna ýol açmak bolsa, bu ilkinji derejede ýokary görkezijiligi görkezýär. Arkadag şäherinde ýaşlaryň hem birnäçesi zähmet çekýär. Ýaş ýürekleriň ylhamly joşguny bu gün ýurudmyzyň ýaşyl tugunyň gapdaldynda säher şemaly bilen birlikde pasyrdaýar.
Bu şäheriň ýaşlary ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler Gahryman Arkadagymyzyň ylham beriji goşgusyndan ruh alýandygyny eýýäm häzirki günlerden subut edýärler. Dürli ýaryşlara gatnaşmak bilen halkara abraýly şöhratlara eýe bolmaklary bolsa, biziň ýurdumyzda ýaş ýürekleriň aýdymynyň joşgunlydygyny ýene bir gezek subut edýär.Arkadag şäheri nusgalyk şäher. Her bir zatda nusga bolup duran bu şäheriň kalby alyslara, ýagty gelejegi yzarlap, dünýä meşhur şäher bolmasyny dowam etdirýär.

Didar Agamyradow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:53 pm, Nov 21, 2024
temperature icon 14°C
ясно
Humidity 62 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 4%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

Beýik şahyr

Next Story

Ýollaryň ýagtysy- Serdar ýoludyr

Soňkylar Habar

GitTop