Ýurdumyzda ykdysady hem-de medeniýet ulgamy bu günki gün döwrebap ösüşlere ynam bildirilýär. Halkymyzyň eşretli döwranda ýaşap, il- halkymyzyň rahat hem-de ähli amatlyklary bolan jaýlarda ýaşamak üçin edilýän şertleri bu günki gün halkymyzyň ösen ykdysady ugurlar boýunça ýurdumyzda üpjünçiligiň ýola goýulandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere uzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar. Diýarymyzyň ähli ugurlar bilen ösüşleri boýunça ähli taraplaýyn ösýär. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem- de işimize söýgümizi artdyrýar.
Ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi dünýä ykdysadyýetine aralaşmagyň üstünlikli çözgütlerine barýan ýollardaň biridir. Ulag – logistik aragatnaşyklaryň üstünlikli çözgütlerinden ugur alyp, diýarymyzyň ösmegi, halk bähbitli edilýän işlere uly badalgadyr. Türkmenistanyň söwda-ykdysady, energetika we ulag- aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary hem-de teklipleri ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda logistik hyzmatlary ýola goýmagyň üstünlikli ädimleri bu günki gün halkymyzyň bolçulykda ýaşamagy bilen düşündirilýär. Ýurdumyz bu ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebit derejesindäki taslamalaryň başyny başlamagy dünýä arenasynda onuň abraýynyň ýokarydygy bilen düşündirilýär.
Dostana döwlet hökmünde ýurdumyz öňküsinden has hem ösýär. Logistik ugurlaryň hem- de ýollaryň esasy ugry söwda aragatnaşykalryny ýola goýmakdyr. Hazarýaka ýurtlar Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän tebigy geografik çäk bolup ugurlary boýunça üstaşyr ulag hem-de söwda geçelgeleriniň, ýük akymlarynyň netijeli işlemegini üpjün edilmegini gazanýar. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr”- diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.Bu aýdylanlara täze, döwrebap Arkadag şäheriniň açylmagy halkymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy.
Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Bu bolsa, halkymyzyň öz geçmişine goýýan hormatynyň we gelejege sylagyň nyşanydyr. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, öz watanyny jany- teni bilen söýýän edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy şeýle-de «Berdimuhamet Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň adamlar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi , lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we «Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, munuň özi halkymyzy diýseň buýsandyrýar.Mundan başga-da batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we « Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran,beýik nesillerden ýadygär galdyrylan, şeýle-de halkymyzyň söýgüsini gazanan, kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy biziň ruhy mirasymyza ýene bir gezek hormaty ör- boýuna galdyrýandygymyzyň alamatydyr.
Elbetde bagtyýarlygyň ýene bir öçmez ojagy bolan bu şäheriň gözelligini görmäge göz gerek. Biz hem gelejekde ýurdumyzy gülletmek üçin elimizde baryny edip, işläris, zähmet çekeris we gelejekde ýokary derejeleri gazanarys diýip,umyt edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem- de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.Bu şäher gözelligiň, bakylygyň şäheri. Bu şäherde gözellikler, gülki sesleri gaýnap joşýar. Raýatlaryň bagtyýar gelejege taýynlyk görýär.Halkyň gül ýüzi bu şäherde öňküsinden hem gül açýar. Munuň özi halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmaga doly mmükinçilik berýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň milli Lideri gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp- köp sag bolsun aýdýarys!
Kakabaýewa Jennet Aşyrmuhammedowna
Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň Weterinariýa barlaghana bölüminiň
Himiko-toksikologiýa bölümçesiniň laboranty