Dark
Light
24.01.2026
44593257 db45 4329 8fab d623ad12427c THE ASHGABAT TIMES

“Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” körpeleriň şygary

21.11.2024

Türkmen Milletiniñ milli şahyry hem beýik akyldary Magtymguly Pyragy eziz halkynyñ akyl-paýhasyndan “Az bolsun Uz bolsun” diyen dürdäne ündewine uýmak bilen, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we zu hem-de ölmez-yitmez goşgular goýup gidipdir.

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasatynyň netijesinde, daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, häli-şindi ýaňlanyp, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we bu owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň–türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlendirilýär.

Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz çeper eserleriň – kyssadyr şygyrlaryň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegi, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilme, kitaba sarpa goýmagy wasp edipdir.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Aýbölek GURBANÝAZOWA
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Çary Gurbangylyjow adyndaky 19-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alem kosmos THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kosmos giňişligi

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 21 11 2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop