Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

“Pinokkio” Disney-iň iň gowy multfilmi diýlip ykrar edildi

30.11.2024

“IndieWire” kino media Disney-iň iň gowy multfilmleriniň reýtingini düzdü. Birinji orunda 1940-njy ýylda çykarylan “Pinokkio” filmi boldy, onuň sazy kompaniýanyň her bir animasiýa taslamasynyň başynda ýaňlanýar.

Portalyň tankytçylarynyň aýtmagyna görä, “Pinokkio” animasiýanyň diňe çagalar üçin güýmenje bolman, eýsem ulularyň çaga bolmagyň manysy barada çynlakaý oýlanmasy bolup biljekdigini görkezdi. Reýtingiň awtorlary bu “fantaziýa epikasy” hiç haçan doly düşündirip bolmajakdygyny we onda hemişe geň galdyryjy täze zatlaryň tapyljakdygyny belleýärler.

Multfilm iň gowy saz we saundtrek üçin iki “Oskar” baýragyna mynasyp boldy — “When You Wish Upon a Star” kompozisiýasy, soňra Disney-iň beýleki taslamalarynyň resmi mowzugy boldy.

Reýtingiň ikinji orny 1941-nji ýylda çykarylan “Dambo” filmine berildi. Üçünji orny bolsa “Uklaýan owadan” (1959) eýeledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b01b83a174 prezident turkmenistana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda 5-nji dekabrda baýramçylyk söwdasy açylar

scumkhpmjd9rnsb4ba1rafwm1fyofkztivdi5a3q 1200 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rumyniýaly pianinoçy iň gysga wagtyň dowamynda saz guralynyň düwmelerine 500 gezek kakyp täze rekord goydy

Soňkylar MEDIA

AI däl: türkmen alabaýy nakgaş sungatynda

17.12.2025
Bägül Artykowa. Türkmeniň guwanjy, asyrlaryň buýsanjy. 2022. Gunça Goçmyradowa. Kök uran dostluk. 2021. Laçyn Taganowa. Gadymy alabaý. 2023. Zakirjan Babaýew. Wepaly alabaý. 2021. «THE

Aşgabadyň ýüreginde geçen Rojdestwo şowhuny

08.12.2025
2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Aşgabatdaky «BERK Cafe»-de Rojdestwo ýarmarkasy geçirildi. Bu baýramçylyk Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Sungatyň we döredijiligiň bazary, aýdym-sazlar, oýunlar we
GitTop