Dark
Light
03.01.2026
minzdrav THE ASHGABAT TIMES

“Saglygym – baş baýlygym”

27.11.2024

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygydyr» diýen çuň manyly pähimi türkmen jemgyýetiniň esasyny kesgitledi. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz hem il saglygyny baş baýlyga deňäpdirler. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun” diýen setirleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baş baýlygym» ýaly pähimli sözler ýörelgämize öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz sagdyn jemgyýetiň gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirýän döwrebap lukmançylyk binalarynyň yzygiderli açylyp ulanmaga berilmegi ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini aýdyň subut edýär.
Ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi. Gahryman Arkadagymyz islendik işde ýaşululara sala salýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi we onuň düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa ýurdumyzda döwletli tutumlarda ýaşulularyň pähim-pendine uly ornuň degişlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda sport ýaryşlarynyň, bedenterbiýe-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilmegi saglyk baradaky aladalardan nyşandyr.

Babageldi ILLIÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2c04e131f9ad78696e62080e61cdca3379752119 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Alymler psihozy ir anyklamak üçin biomarkeri tapdylar

0ef9cc394aa5dd44195f16c3ad514ab4a2aba441 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Google başlygy dynç almak üçin iň halanýan usulyny aýtdy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop