Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda Türkmenistanyň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň, orta umumybilim berýän mekdepleriniň 100 mugallymy üçin SCAFFOLD atly okuw usuly boýunça okuw seminary geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Çäre, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde, Ýewropa Bilim Gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýada zehinli ýaşlar üçin dialog we hereketler (DARYA) atly sebit taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Seminar, Ýewropa Bilim Gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça ekspert-koordinatory K.I. Hemşmaýer we DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýet toparynyň agzasy, halkara eksperti R. Turaýew-Hunen Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly geçirildi. Bu taslamada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
SCAFFOLD, mugallymlara okuw çärelerini meýilleşdirmekden başlap, bahalandyrmaga çenli toplumlaýyn işläp düzmäge we geçirmäge mümkinçilik berýän 102 kartdan ybarat toplumdyr. Bu gural, Ýewropa Bilim Gaznasy (EFO) we Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkezi (JRC) tarapyndan işlenip düzüldi. Ol mugallymlara okuw maksatlaryna, bar bolan serişdelerine, okuw giňişligine we dowamlylygyna laýyklykda okuw netijelerini kesgitlemäge we toparlamaga kömek edýär.