Dark
Light
28.12.2025
illustration personality types today main 180920 THE ASHGABAT TIMES

Suhangöýlük

14.11.2024

Adamlar hemmişe suhangöýlügiň, dilewarlygyň gadryny bilipdirler. Suhangöýlük sungaty terbiýe bermegiň we bilim öwretmegiň, pelsepeçilik, estetiki taglymatlary, syýasy, ykdysady we beýleki bilimleri ýaýratmagyň, medeni gymmatlyklara hem-de öňe sürülýän täze pikirlere akyl ýetirmegiň möhüm we işjeň serişdesidir. Hakyky söz iň gowy raýatlyk duýgularyny oýarýar, öňe gidişligiň maksatlaryna hyzmat edýär.

Suhangöý kişi adamlar bilen araçysyz gatnaşyk edýär. Bu bolsa oňa möhüm durmuş meselelerini çalt aňşyrmaga, öňdebaryjy pikirleri işjeň wagyz etmäge, wakalara okgunlylyk bilen seslenmäge, diňleýjileriň köp sanly bähbitlerini göz öňünde tutmaga, belli maglumatlara düşündiriş bermäge, döwletiň ýöredýän syýasatyny düşündimäge mümkinçilik berýär.

Suhangöý kişi adamlaryň wyždanlaryny, hakydalaryny, milli, watançylyk, beýleki halklar bilen raýatdaşlyk duýgularyny oýarýar. Ol adamyň ruhuny göterýär, onuň aň-düşünjesine asylzadalyk çaýýar, umumadamzat aladalaryny, bähbitlerini, pikirlerini birinji orna çykarýar. Akyl ýetirişiň asylly maksatlary, ynsanperwerligiň we mähribanlygyň wagzy, „aýdyň” hakykatlar edilýän çykyşyň abraýyny artdyrýarlar, diňleýjileriň ruhy dünýäsine täsir edýärler. Hakyky suhangöý çykyşyna öz bütin akylyny, ýürek joşgunyny siňdirmek bilen,adamlaryň akyllaryna hem-de ýüreklerine täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde köp adamlar wagyz edýärler, nutuklar sözleýärler, ders berýärler, söhbetdeşlik geçirýärler. Adamlaryň söz sözlemek işjeňligi ep-esli ýokarlandy. Bu begebdirýär. Ýöne söz sözlemek ussatlygyňy ýokarlandyrmak üçin, elbetde, suhangöýlük sungatynyň nazaryýetini öwrenmek, görnükli suhangöýleriň eden çykyşlaryny çuňňur derňemek, nazary bilimleri öz amalyňda şöhlelendirmek gerek.

Mähri MYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 13.11.2024

beyni barada 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Newrologiýa

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop