2024-nji ýylyň 21-nji noýabry, Ashgabat, Türkmenistan – 19-njy noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agenstliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» maksatnamasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Içeri işler ministrligi, Baş prokuratura we beýleki halkara we ýerli hyzmatdaşlar «Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm ähmiýeti» temasy boýunça möhüm çäre geçirdi. Bu çäre, Dünýäniň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş güni mynasybetli geçirildi.
Bu çäre guramaçylykly jenaýatyň we adam söwdasynyň öňüni almak maksady bilen 100-den gowrak ýaşlary, şol sanda talyplary, meýletinçileri we Sebitleýin Ýaşlar Ulgamynyň agzalaryny jemledi.Bu başlangyç, ýaşlary has ygtybarly dünýä üçin çözgüt tapmaga ruhlandyrmak üçin jemgyýetçilik guramalaryny we hususy pudagyndan hemaýatkärleri bir ara getirdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle diýdi: “Palermo teswirnamasy kabul edilenden we ABŞ-nyň adam söwdasynyň pidalaryny goramak kanuny kabul edileli bäri ABŞ adam söwdasyna garşy global göreşde esasy rol oýnady. Türkmenistan hökümeti bilen gowşak gatlaklardan adamlary goramak we mejbury zähmetiň we çagalaryň ekspluatasiýasynyň öňüni almak üçin işleýändigimize buýsanýarys.”
BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko şeýle belledi: “Guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde ýaşlara güýç bermek hemmeler üçin has ygtybarly we durnukly geljegi üpjün etmegiň iň täsirli usullaryndan biridir. Bu çäre hökümetiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we ýaşlar toparlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň durnukly özgerişler üçin güýçli gural bolup biljekdigini görkezdi. Ýaşlar habarly bolanda, gatnaşanda we olara goldaw berlende, olar öz jemgyýetlerinde adalatyň we howpsuzlygyň güýçli tarapdarlary bolýarlar. ”
Çäräniň dowamynda milli ýaşlar bäsleşigi, orta we ýokary mekdep okuwçylary bilen interaktiw sapaklar, şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerinde çekişmeler geçirildi. Skechers, Dap, Ish Nokady we Atavatan habar portaly ýaly hususy pudagyň hemaýatkärleri we öňdebaryjy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri guramaçylykly jenaýatyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orunlary barada çykyşetdiler.
Bu çäre ýaşlaryň öz pikirlerini we tekliplerini beýan etmekleri üçin giň mümkinçilik döretdi. Çäräniň maksady, döwlet, hususy we jemgyýetçilik pudaklarynyň bilelikdäki tagallalary arkaly jemgyýetiň durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda anyk we netijeli özgertmelere ylham bermekden ybarat boldy.
USAID-niň «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» maksatnamasy Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunda Winrock International kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Maksatnama, migrasiýa amallaryny kämilleşdirmek we bidüzgünçilige ýol bermezlik üçin ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Has giňişleýin maglumat USAID-niň Merkezi Aziýadaky web sahypasynda elýeterlidir: https://www.usaid.gov/central-asia-regional/fact-sheets/safe-migration-central-asia.