Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy noýabrda iş sapary bilen Aşgabada gelen Halkara awtoulag birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Taraplar tranzit gümrük proseduralaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlandyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikde, BMG Baş Assambleýasynyň karary bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasyna (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Raşid Meredow we Umberto de Pretto köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.