Dark
Light
25.01.2026
predstaviteli turkmenistana i obse THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we ÝHHG ekologiýa howpsuzlygy babatynda meýilnamalary kesgitlediler

29.11.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 28-nji noýabrda Aşgabatda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işjeňliginiň utgaşdyryjysy Bakyt Jusupow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, ulag baglanyşygy, energiýa we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça täze hyzmatdaşlyk görnüşleriniň döredilmegi mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda, şeýle hem, sebitara dialogy berkitmekde, howpsuzlygy üpjün etmegiň hemmetaraplaýyn çemeleşmesini öňe sürmekde, durnukly we parahat dünýäni üpjün etmekde “ÝHHG giňişliginde parlament diplomatiýasy: abadançylyk we parahat gelejek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly ikinji Aşgabat konferensiýasynyň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, Bäşimowa we Jusupow Türkmenistanyň ÝHHG bilen bu halkara düzümiň ikinji ykdysady-ekologiýa ölçeginiň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Olar bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

uchastniki foruma speka THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan SPECA ykdysady forumyna gatnaşdy

2e9818adf6f3be8fe7a7fd53662dc241 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanlylar Ýaponiýada okuw boýunça wirtual ýarmarkasyna çagyrylýar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop