Dark
Light
25.01.2026
turkmenskie uchenye v sochi THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan ýaş alymlaryň kongresine gatnaşdy

29.11.2024

Türkmenistanly wekiller Soçide “Sirius” federal territoriýasynda geçirilen IV ýaş alymlar kongresine gatnaşdylar. Çäräniň mowzugy “Ylym-tehnologiýa ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary: geljegi şu gün döredýäris” boldy.

Çärä rus şäherlerinden we onlarça daşary ýurtlardan ýaş gözlegçiler, mugallymlar, ders bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar. Türkmenistany kongresde S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Kady Amanow we talyp Dawut Dowletow, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Mahmut Haýdarow we Rahym Gyrmaýew wekilçilik etdiler.

Kongresiň çäklerinde “tegelek stollar”, bilermen sessiýalary we panel ara alyp maslahatlaşyklary geçirildi. Gatnaşyjylar emeli intellekt, biotehnologiýalar, robot tehnologiýalary, energiýa netijeliligi tehnologiýalary ýaly ugurlarda iň täze işläp düzmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2204e85a35430710947d54bce0f1f57e9b9ac47c THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kodak zawody döwrebaplaşdyrmak üçin film önümçiligini togtatdy

1ffe6200e3bd6a23a254eb90841cf20aaa7c5b60 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Qualcomm Xiaomi üçin 5G modemi satmakdan ýüz öwürdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop