Dark
Light
24.01.2026
v turkmenistane startoval priem dokumentov na obuchenie v zarubezhnyh vuzah THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda daşary ýurt uniwersitetlerinde okamaga resminamalaryň kabul edilmegi başlandy

29.11.2024

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 25-nji noýabrda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin Wengriýanyň we Hytaýyň uniwersitetlerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilmegi başlandy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Dalaşgärler orta bilim maksatnamasynyň dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlikden geçerler. Ýaş türkmenistanlylar ýokarda agzalan ýurtlaryň uniwersitetlerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, bilim, inženerçilik, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça bilim alarlar.

Ýatlatsak, türkmen talyplaryny Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetlerinde okamaga ugrukdyrmak karary 22-nji noýabrda hökümet mejlisinde kabul edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işiň ähmiýetini belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 29.11.2024

cifrovaya ekonomika1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Transition to a Digital System

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop