ashhabad russkij dom konkurs po russkomu jazyku THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda rus dili boýunça bäsleşik başlandy

29.11.2024

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň meýdançasynda daşary ýurt raýatlary üçin rus dili boýunça bäsleşik başlandy. Gatnaşyjylar 45 minutda döredijilik wezipesini hem öz içine alýan ondan gowrak meseläni ýerine ýetirmeli.

Ähli meseleler Russiýanyň Tatarystan Respublikasyndaky Naberžnoçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Bäsleşik 28-nji dekabra çenli dowam eder. Ýeňijilere diplomlar gowşurylar.

Russiýaly mugallymlar bäsleşige gatnaşyjylar üçin biri döredijilik wezipesi bolan 14 dürli meseläni taýýarladylar. Onuň şertlerine görä, gatnaşyjy 300 harpdan az bolmadyk erkin tema boýunça esse ýazmaly.

Diplomatik wekilhananyň ikinji sekretary Kirill Woronkowyň aýtmagyna görä, bu eýýäm ikinji şeýle bäsleşikdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:45 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 3°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
cd12ad36571389a1ccca58cf7e4d77c43eb7a108 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Google Android we iOS üçin aýratyn AI programmasyny çykardy

turkmenistan i kitaj postrojat vysokoskorostnuju trassu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda “Serahs-Mary-Serhetabat” awtoban gurular

Soňkylar Habar

GitTop