preview7 scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň energetika pudagy geljege tarap ynamly gadam basýar!

19.11.2024

Uly ösüşlere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen, ýurdymyzda hem bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini halkara ölçeglere kybap getirmek üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen parasatly ýörelge bilen türkmen halky durmuşyň, medeniýetiň we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyp, buýsançly öňe barýar.
Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary senagat taýdan gaýtadan işlemekde toplumlaýyn özleşdirmek bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlary depginli ösüşlere eýe bolýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň” esasy maksadynda:“… – milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, institutsional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek” ýaly beýik maksatlar goýulýar. Bu maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýurduň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakda we beýleki ugurlarda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde örän wajyp we uly işler alnyp barylýar.
Elektroenergetika ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda bilim bermek işi kämilleşdirilip, sanly ulgama geçirilýär. Bilimiň yzygiderli ösmegi bilen bagly ýagdaýlar hem-de halkara tejribeler nazara alynýar. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetini ösdürmekde döwlet dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmyň we işewürligiň tagallalaryny birleşdirmek, ileri tutulýan milli maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek, tehnologiýalary hem-de içerki bazarda ylym bilen baglanyşykly önümlere gönükdirilen innowasion taslamalary höweslendirmek we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen baglanyşyklydyr.
Halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýola goýlan, suwuklandyrylan gazyň öndürilmegi, tebigy gazyň arassalanyp daşarky bazarlara iberilmegi, dünýäde ilkinji gazdan benzin alynýan zawodyň we iri himiýa toplumynda gazdan plastmas önümlerini alýan zawodyň gurulmagy ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmekde, ýurduň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ilatyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläkde gowulandyrmaga uly mümkinçilikler döredýär. Mundan başga-da, GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylda etilsiz benziniň (düzüminde etili bar bolan benzinleriň howany hapalaýjylygy has ýokary bolup, zäherli maddalary hem-de agyr metallary köp bolmagy sebäpli, ekologiýa taýdan amatsyz hasaplanylýar) önümçiliginiň ornaşdyrmagy bolsa ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Jemläp aýdanymyzda, ýokarda agzalan meseleler ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde wajyp orun tutýar.
Umuman aýdanyňda, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, bilimli ýaşlaryň köpelmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Şeýle hem döwletimiziň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň güwäsidir.

Röwşen NARMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:01 am, Jan 19, 2025
temperature icon 3°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1019 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 66%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:13 pm
glawny 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ösüşler

655192ae81cbf119715489 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hasyl üpjünçiligi

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop