zsez1yroxpyk8vla0hwkritsnnq3nvjjgomoqnht scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar

14.11.2024

2024-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» 7-nji parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. 

Parlamentara duşuşykda türkmen tarapy «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Mejlisiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işleri bilen tanyşdyrdylar. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  Parlament  Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, bu parlament meýdançalarynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygy, Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň Parlamentleriniň 15-si bilen ikitaraplaýyn parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigi  hem-de ugurdaş komitetleriň we dostluk toparlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. 

Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýän Türkmenistanyň geoykdysady taýdan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşýändigi, sebitleriň arasynda uzak möhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy nygtaldy. 

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly halkara maslahatyň parlamentara hyzmatdaşlygyň barha işjeň häsiýete eýe bolmagyndaky ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, arabaglanyşyk, ulag we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlaşmalar boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim maksatnamalaryny sanlylaşdyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere ýokary baha berildi. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:59 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 14.11.2024

internet name THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Telekommunikasiýa ulgamy

Soňkylar Habar

GitTop