Dark
Light
25.01.2026
64706781b7272091586417 THE ASHGABAT TIMES

Ulag-kommunikasiýa pudagynda uly ösüşler

20.11.2024

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dürli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär.

Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biridir. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar, telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy ulag ugrudyr. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit, yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Milli ulag düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanda amatly hukuk we maliýe-ykdysady şertleriň döredilmegi gyzyklanma bildirýän taraplaryň geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklaryna giň ýol açýar.

Şatlyk ANNAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

26munllah5xqbzh3i8zfpm3ujnsmokvtizbf4d1v4s4vwlv4wl8yjug1jtog THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMEN SAÇAGY

1 271 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ekologiýa abadançylygy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop