Dark
Light
27.12.2025
4 9 THE ASHGABAT TIMES

Ulag ulgamynda uly özgerişler

07.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşýar, şeýle hem, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Munuň şeýledigine ýurdumyzdan daşary ýurtlara ýylsaýyn artýan möçberde iberilýän energiýa serişdeleri, dokma önümleri we beýlekiler aýdyň şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlyk edilýän halkara guramalarynyň hataryna Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň hem goşulmagy ata Watanymyza dünýä ýurtlary tarapyndan gyzyklanmalaryň barha artýandygyny tassyklaýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ösen demir ýol ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlara tarap ýüzlerçe, hatda müňlerçe kilometr demir ýollary çekildi. Muňa Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan-Owganystan ugurlary boýunça çekilen demir ýollar mysal bolup biler.Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzyň ösen ulag ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde demir ýollarymyzy hem hemmetaraplaýyn, dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek ugrunda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, ata Watanymyz Merkezi Aziýada bu gadymy kerwen ýolunyň merkezinde ýerleşmek bilen, ullakan halkara ýük we ýolagçy daşamak we olary üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýedir.Şunuň bilen birlikde ösen demir ýol ulgamymyzyň bolmagynyň ýurdumyzyň çäklerinde dürli maksatly ýükleri daşamakda hem möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda ýükleri we ýolagçylary daşamagyň multimodal ulgamynyň kemala getirilmegi geljekki döwürler üçin öňde durýan wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly we bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we halkara ähmiýetli tutumly başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Sona MEREDOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

original 1611b5c0530987.jpeg 1698809868 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetikleriň alyp barýan uly ösüşleri

magtymguly pyragy konullerin sahyry jvosaki7f4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik söz ussady-Magtymguly Pyragy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop