Dark
Light
24.01.2026
file tn95oidggudorpabawjbbf97 THE ASHGABAT TIMES

Ýerasty baýlyklarymyz – halkyň milli baýlygy we buýsanjydyr!

01.11.2024

Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda günsaýyn ägirt uly ösüşlere beslenýär. Milli Liderimiziň yglan eden açyk gapylar we bilim syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim pudaklaryna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň karary bilen dünýäniň ösen ady belli kompaniýalary tarapyndan gurulýan täze döwrebap mekdepleri,
institutlary we birnäçe ylym-bilim edaralary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol binalaryň döwrebap laboratoriýalar, kompýuterler we ösen aragatnaşyk ulgamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, ýaş nesil üçin, ylym-bilim işgärleri üçin edilýän aladanyň nähili derejededigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmek üçin ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan, nebit we gaz pudagyny ösdürmelidiris. Munuň üçin bolsa nebit we gaz pudagyny dünýäniň iň ösen, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün etmelidiris” diýen sözlerinden ugur alyp biz hem şol tehnologiýalarda işlejek we dolandyrjak hünärmenleri ýetişdirmekde, olara döwrebap bilim bermekde bilim işgärleri hökmünde öz şahsy goşandymyzy goşmalydyrys.

Türkmenistanyň dag senagatynda möhüm öwrülişikler bolup geçýär. Geçirilýän bu ägirt uly çäreleriň netijesinde Döwletimiziň mineral çig mal goruny özleşdirmeklige giň mümkinçilikler açylýar. Nebit gaz pudagy döwletara gaz geçirijilerini we ulag ugurlaryny guramak bilen öz kuwwatlygyny yzygiderli artdyrýar. eýsem welaýatyň nebit gaz tebigy baýlygyny senagat taýdan özleşdirmäge‚ ýurduň dag magdan we himiýa senagatyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Öňki döwürlerde Türkmenistanyň iri mineral çig mal ýataklarynyň birnäçelerini göni ulag geçelgesiniň we çig malyň eksport edilşini artdyrmaga mümkinçiligiň ýokdugy üçin ýerli ähmiýetli känleriň hataryna goşulypdy. Häzrki wagtda ýagdaý düýpli üýtgedi. Gory anyklanan känleriň köpüsi senagat taýdan özleşdirmäge girişildi. Soňky ýyllarda gazylyp alynýan çig malyň möçberi artdyryldy. Çig mala bolan isleg gün-günden artýar. Ilkinji nobatda natriý sulfatynyň‚ nahar duzynyň‚ gipsiň bentonitiň‚ gurluşyk materiallarynyň we mineral çig malyň beýleki görnüşleriniň ýataklary ünsi özüne çekýär. Olara diňe bir biziň ýurdumyz däl‚ eýsem goňşy döwletlerimiziň bolan Russiýada‚ Gazagystanda‚ Azerbaýjanda‚ Eýranda uly isleg bildirýär.

Annaseýit ANNABERDIÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Başy belent Pyragy

ifrt5om4fka9ithamvul87atuo10tzpoe0vcakmm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Astana şäherinde geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop