64faabb65b47f772081752 THE ASHGABAT TIMES

Ykdysadyýetiň ösüşi

25.11.2024

Ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde ýeten uly sepgitlerini, gazanylan ajaýyp netijeleri, galkynan milli ykdysadyýetiň öz gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlykdan alyp gaýdýandygyny bellemek, şol üstünlikleri, ykdysady netijeleri, düýnki ösüşimiz bilen şu günki gazanýan netijämiziň baglanyşygyny mysallaryň, sanlaryň üsti bilen deňeşdirmek has täsirlidir.

Döwletimiz ilatymyzyň durmuş taýdan kepillendirilen goragyny üpjün etmek syýasatyny dowam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hususan-da, ilatymyzyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, nahar duzy bilen mugt üpjün edilmegi, ýaşaýyş jaýlaryndan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy we köp sanly beýleki ýeňillikler aýdyň şaýatlyk edýär. Alnyp barylýan oýlanyşykly syýasatyň netijesinde, ilatymyzyň adam başyna düşýän girdejileri her ýyl durnukly artýar.

Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, umuman, senagat pudagy halk hojalygynyň düzümine girýän ähli pudaklaryň emele gelmeginde, işlemeginde, kämilleşmeginde, ösmeginde olaryň esasy bolup durýar, sebäbi senagatyň özünde we beýleki pudaklaryň hemmesinde ulanylýan esasy önümçilik tehniki serişdeleriniň we şaý-sepleriniň hemmesi senagatyň aýry-aýry pudaklarynda öndürilýär.

Önüm öndürmekde, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, döredijilik, metbugat we beýleki edaralary, guramalary täzeden dikeltmekde, gurmakda hil we mukdar taýdan gazanylan üstünliklerimiziň esasy, özeni nämeden ybarat? Esasy sebäpleriniň biri bu meselä töwerekleýin, doly çemeleşilmegidir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda täzeden dikeldilýän, gurulýan kärhanalaryň, edaralaryň, binalaryň, desgalaryň, zawoddyr-fabrikleriň gurluşyk meýilnamalaryny Hormatly Prezidentimiziň hut öz gözegçiligi astynda saklamagyndadyr, her bir jogapkär ýolbaşçydan hasabat soramagyndadyr, hünärmenler, galyberse-de halk bilen maslahatlaşmagyndadyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz ykdysady üýtgetmeleriň täze tapgyry­na girişdi we ilkinji hatarda ykdysadyýeti kämilleşdirmegiň esasy maksatlary ýene-de çig maly-pagta süýümini, piläniň gaýtadan işläp bejerilişini has ýokary derejä götermek we şolardan täze köp sanly taýýar önümleri almaklyk bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz dünýä jemgyýetiniň ösmeginde ykdysady, syýasy teklipler, başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär.

Nursoltan MYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:27 am, Feb 24, 2025
temperature icon 1°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:45 am
Sunset Sunset: 6:54 pm
82140bdb096d3408f2da67569f36c80dc29f0c69 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TikTok-nyň başlygy ABŞ-nyň täze Prezidentiniň esasy ýarany Ilon Mask bilen duşuşdy

1504343662 59aa408d2f419 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adam bedeninde bolup geçýän fiziki hadysalar

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop