Dark
Light
27.12.2025
01 u0sm THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyz sport üstünliklerine tarap öňe barýar

19.11.2024

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, paýtagtymyz halkara giňişlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri bolan şäher hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Olimpiýa şäherçesiniň, Olimpiýa suw sport toplumynyň, Milli Olimpiýa sport köşgüniň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň we beýleki degişli sport desgalarynyň gurulmagy milli sport ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, beden taýdan berk, ruhy taýdan baý nesliň kemala getirilmegine, türgenleriň, ýygyndy toparlaryň taýýarlanylmagyna hem-de dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge şert döredýär.

Ýurdumyzda iň häzirki zaman sport düzümleri döredilip, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy we döwrebaplaşdyryldy. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiliginiň üstünlikli geçirilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşlar ýurdumyzyň diňe bir sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady, medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde hem döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändigini tutuş dünýä ýene-de bir gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir.

Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanda sportuň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Jemal BABAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

telefonlar 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ykjam telefonlaryň üsti bilen gepleşmegiň kadalary

65c6c5e23ab55279152376 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ösüşler

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop

Don't Miss