Dark
Light
27.12.2025
5jpgjpg THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň batly gadamlary

19.11.2024

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar». Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde toplumyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyň äşgär edýär.
Häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ençemesi gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle giň gerimli işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijesi bolup durýar.
Ata Watanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap almak bilen bagly yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlary gurlup ulanmaga berildi. Mälim bolşy ýaly, sement – gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda hereket edýän zawodlarda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň esasynda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Şu ýylyň mart aýynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem 2024-nji ýylyň maý aýynda bolsa Ahal welaýatynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Zawodyň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir. Bu günki günde täze açylan sement zawodlarynyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklarda peýdalanylýar, şeýle-de olara daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.

Kasymmyrat DURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

655192ae81cbf119715489 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hasyl üpjünçiligi

26munllah5xqbzh3i8zfpm3ujnsmokvtizbf4d1v4s4vwlv4wl8yjug1jtog THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN SAÇAGY

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop