Dark
Light
27.12.2025
img 20201014 234436 e1603945841747 THE ASHGABAT TIMES

Zeýtun agaçy

07.11.2024

Adamzat döreýiş taryhy bilen deň taryhy bolan zeýtun diňe bir miwe bolman, eýsem, Anadoly topragynyň durmuş ýörelgesidir. Ýewropa Geňeşi tarapyndan zeýtun ugurlarynyň sanawyna giren Türkiýäniň ähli künjeginde zeýtun ösdürilip ýetişdirilýär. Beýle bolmagynyň esasy sebäbi Ortaýer deňziniň özboluşly howasy bolup durýar. Egeý sebitinden başlap Ortaýer deňzine, şeyle hem gündogara tarap Anadola çenli her sebitde köp asyrlyk, keramatly zeýtun agaçlary bar.

Ýurduň zeýtun agaçlarynyň 75 göterimini düzýän Egeý sebitidir. Bu sebitde iň ýokary hilli zeýtun önümleri Balykesir, İzmir, Manisa, Aýdyn we Mugla welaýatlarynda öndürilýär. Ida dagynyň töweregi zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatly hasaplanýar.

Iň geň ýeri bolsa bu zeýtun agajynyň henizem miwe getirýänligidir. 1650 ýyllyk agaç 2013-nji ýylda «monumental agaç» hökmünde hasaba alyndy we gorag astyna alyndy. Egeýiň merjeni bolan Izmir şäheri hem öz gezeginde zeýtun ösdürip ýetişdirmekde, şeýle hem zeýtun ýagyny öndürmekde ýurduñ iň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýar. Seljuk, Seferihisar, Güzelbahçe, Urla, Çeşme we Karaburun ýaly etraplarda gadymy zeýtun agaçlaryna gabat gelip bilersiňiz. Jadylaýjy Urla etraby diňe bir taryhy ýadygärlikleri bilen däl, eýsem Michelin gollanmasyna girizilen «daýhançylykdan-desterhana çenli uzaýan ýolagçylyk» atly restoranlaryny hem hödürleýär.

Iýun aýynda gülläp başlaýan zeýtunlar tomusyň soňky günlerine çenli ösmegini dowam etdirýär we altyn güýzde hasyl berip başlaýar. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan zeýtun hasylyny ýygnamaklyk dabarasy maşgalalary, jemgyýetleri we myhmanlary bir supranyň başyna jemleýär. Hasylyň başy zeýtuny ýygnamakdan başlanýar. Egeýde ýerli ýaşaýjylar köplenç hasyl ýygnamaklygy elde amala aşyrýarlar, bu däbiň esasynda zeýtuny zyýansyz almak bolýandygyna we toprak bilen zähmetiň arasynda çuňňur baglanyşyk döredýändigine ynanýarlar.

Zeýtunyň ýaga öwrülmegi aýratyn bir başdan geçirmedir. Hasyl ýygnalandan soň ony derrew ýerli degirmenlere ýa-da zawodlara iberilýär we şol ýerde Egeý aşhanasynda möhüm orna eýe bolan ýokary hilli ýokumly zeýtun ýagy öndürilýär we çüýşelere gaplanylýar. Uzak ömrüň girewi we ynsan bedeni üçinem siňňitli iýmit hasaplanylýan zeýtun ýagy, sebite mahsus ýerli tagamlaryñ ählisinde ulanylýar.

Leýla SERDAROWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

magtymguly pyragy konullerin sahyry jvosaki7f4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik söz ussady-Magtymguly Pyragy

qgmlthfszqaucskr171mba6tvbo1esdibcgo1lmp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop