Dark
Light
24.01.2026
2025-nji ýylyň şygary

2025-nji ýylyň şygary yglan edildi

28.12.2024

Türkmenistanda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.

Hormatly prezidentimiz gelip gowşan teklibi oňlap, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleri ýokary derejede gurnamak üçin guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini hem-de bu gramaçylyk komitetine ýolbaşçylyk etmegi Halk Maslahatynyň üstüne ýüklemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen çäreleri mynasyp alyp barmak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

66cmejf9nqq3svz1yduvxeqemhrj3fjigx6oqmds THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

120124 018 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen edebiýatynyň ýyldyzy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop