a THE ASHGABAT TIMES

“Altyn asyr” türkmen köli

10.12.2024

 “Altyn asyr” Türkmen köli-ägirt uly gidromelioratiw desgadyr.  Suwarymly ýerlerin şorlamagy we zeý suwlaryny äkitmek meselesi arid zolagynda ýerleşen ýurtlaryň ählisinde hem gabat gelýär. Bu mesele her ýurtda dürli usullarda çözülýär. Birnäçe ýurtlarda zeý suwlary tebigy çöketliklere, başgalarynda bolsa, derýalara we deňizlere guýdurylýar. Şu mesele Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem örän ýiti meseleleriň biri bolup durýar.

Bu mesele suw hojalygyň tejribesinde öňden bäri duran meseledir, emma onuň çözgüdi ýok diýip aýdyp bolmaz. Şolaryň biri, zeý suwlaryny suw kabul edijilere guýdurmakdyr. Türkmenistanyň çäginde bu wezipäni şu wagta çenli Garagum çölündäki dürli derejedäki tebigy çöketlikler we Amyderýa ýerine ýetirip gelýärdi. Şeýlelikde, Amyderýa guýdurylýan zeý suwlarynyň täsiri bilen onuň suwunyň duzlulygyny has ýokary galdyrdy. Mary, Tejen, Köpetdag eteginden çykýan zeý suwlaryň suw kabul edijisi bolup Merkezi Garagumuň tebigy çöketlikleri hyzmat edýärdi. Şunda, Daşoguz welaýaty aýratyn ýagdaýy eýeleýär. Bu welaýatda zeý suwlarynyň 65%-i Özbegistanyň çäginde emele gelýär we Köl hem-de Derýalyk döwletara şor suw akabalary bilen üstaşyr geçilýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli çözgüdine laýyklykda 2000-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 20-sinde başlandy. Şu çözgüdiň esasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap iki sany magistral şor suw akabasy-Baş şor suw akabasy we Daşoguz şahasy guruldy. Olar ýurdumyzyň welaýatlarynyň zeýkeş, şor suw akaba ulgamlarynyň suwlaryny toplap, Türkmen kölüne äkidýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş-şor suw akabasy ýurdumyzyň gündogaryndan başlanýar. Onuň umumy uzynlygy 720 km, suwunyň mukdary birinji nobatdakysy 30 m3/s. Daşoguz şahasynyn uzynlygy 381 km, suw mukdary birinji nobatdakysy 20 m3/s. Baş şor suw akabasy we Daşoguz şahasy Garaşor çöketliginde, Garagumda göwrümi 132 km3, uzynlygy 103 km, ini 18,6 km we suwunyň üstüniň meýdany 3460 inedördül km bolan, “Altyn asyr” Türkmen kölüni emele getirýär.

Bekmyrat BABAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy  

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:16 am, Jan 31, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1034 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:11 am
Sunset Sunset: 6:27 pm
1733553039 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

adasdsaf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Bitewi Saglyk” – azyk ulgamlaryny goramak, geljekki pandemiýalaryň öňüni almak.

Soňkylar Makalalar

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

30.01.2025
Emeli aň geljekçi pikirden gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Esasynda, emeli aň adam akyllylygyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirip bilýän maşynlary we programmalary döretmek

Nanotehnologiýa

30.01.2025
Nanotehnologiýa atom we molekulalaryň derejesinde maddanyň üýtgedilmegi arkaly daş-töweregimizdäki dünýägaraýyşymyzy üýtgedýär. Bu ösen ugur dürli ylym bölümlerini öz içine alýar, şol sanda himiýa, biologiýa,

Elektroenergetika pudagy

30.01.2025
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary,

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly
GitTop