Dark
Light
03.01.2026
posol belgii THE ASHGABAT TIMES

Belgiýanyň ilçisi Türkmenistanda wezipä girişdi

13.12.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dunyagozel Gulmanowa 10-njy dekabrda täze bellenen Belgiýanyň ilçisi Julien de Fraiponanyň ynanç hatlaryny kabul etdi. Parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty respublikada işe başlamagy bilen gutlady we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Belgiýaly diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdy, onuň esasy maksady giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdyr. Ilçi, şeýle hem, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada maglumat aldy.

Taraplar türkmen-belgiýa parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler, bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer dialogyň işjeňleşmegine ýardam eder.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

britanskie jekologi na kaspii THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistana britan ekologlary geldi

novye doma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop