Dark
Light
25.01.2026
1732354469 scaled THE ASHGABAT TIMES

Eli hünärli uz gyzlar bäsleşdiler

02.12.2024

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan halkymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy yzygiderli ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, türkmen zenanlarynyň döreden gözelliklerini, şol nepislikleri gorap saklap, sarpalap, şeýle asylly ýörelgeleri geljekki nesillere geçirmeklige uly itergi berýär.

Bu günki gün eli çeper zenanlarymyz köpasyrlyk däpleri mynasyp dowam etdirip, ajaýyp keşdeleri we gölleri, nagyşlary, milli lybaslary, bezeg eserlerini döredýärler. Şunuň bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesli milli ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar. Ýaşlary milli mirasa hormat goýmak, zähmeti söýmek we bilime teşne bolmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary halkymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmäge gönükdirip, olaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli şertleri döredýär. Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerini (basma keşde, gaýma gaýama, kürte, don, tahýa tikmeklik, alaja we jorap örmeklik) ýerine ýetirmek boýunça “El hünäri – il gezer” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde talyp gyzlar el işlerini ussatlyk bilen ýerine yetirmekde hem-de milli mirasymyzy çeper aýdyşyklar arkaly taryp etmekde hem öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp kitaplarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrülendigi, olary hünäre ugrukdyrmakda we el işlerimize bolan söýgini döretmekde ýol görkeziji şamçyragdygy döredijilik bäsleşigiñ özenini düzdi.

Ýaryşyň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini, köýnek tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, milli tagamlarymyzy, toý pişmesini taýýarlamak boýunça görkezme çykyşlary bäsleşigiň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Bäsleşigiň netijesinde ýeňiji bolan talyplar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň we ilkinji Ýaşlar guramasynyñ adyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandyryldylar.

Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aýnagözel GYZYLOWA
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

09122eb0cbe47afed2cabf9b65da79a6d6261cc8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Noýabr aýynda Windows 11 ulanyjylarynyň sany azaldy, emma Windows 10 ulanyjylarynyň sany ýokarlandy

3a30cdfd6254fce478e3ead203f1c5b9f5f7d013 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Google Photos Täzelendi: “Kitaphana” Alynyp, “Kolleksiýalar” Berildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop