Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

10.12.2024

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “emeli aň” ulgamyny durmuşa geçirmek babatynda birnäçe işler amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim, lukmançylyk, oba hojalygy, elektron hökümet we elektron resminama dolanşygy bilen baglanşykly işler sazlaşykly amala  aşyrylýar. Emeli añ diňe bir IT pudagynda däl, eýsem adam işjeňliginiň beýleki köp ugurlarynda, esasanam ösüşiň iň geljegi uly ugurlaryndan biri hasaplanýar.

Emeli  añy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ösüşinde birnäçe möhüm faktorlary diýip, ýokary tizlikli internetiň aralaşmagy, şol bir wagtyň özünde häzirki zaman kompýuterleriniň öndürijiliginiň we elýeterliliginiň ep-esli ýokarlanmagyny aýdyp bileris. Emeli añdan has köp peýdalanýan pudaklar bilim, saglygy goraýyş, mahabat we marketing, bölek satuw, telekom, döwlet hyzmatlary, ätiýaçlandyryş, bank ýaly köpçülikleýin we sarp ediş hyzmatlarynyň pudaklarydyr.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň” 25-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly 12 sagatlyk onlaýn webinar geçirildi. Bu innowasion çäre iki hepdäniň dowamynda ýurdymyzyň 160-dan gowrak orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, hünärmenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Webinaryň esasy maksady bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmagyň täze tehnologiýalary we usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Çykyş edenler gatnaşyjylara okuw işini sanlylaşdyrmagyñ mugallymlara goldaw bermek hem-de talyplaryň ukyplaryny seljermek boýunça emeli aňyň mümkinçilikleri, emeli aňy ulanmagyň hukuk esaslary we onuň standart ülňüleri düşündirildi. Webinarda öňdebaryjy emeli aň platformalary boýunça halkara tejribe, maglumat toplamak, analiz etmek we çözgüt çykarmak üçin emeli aňy peýdalanmagyň usullary görkezildi. Mundan başga-da, emeli aň boýunça tejribesi bolan mugallymlaryň çykyşlary we soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar webinara ýokary işjeňlik bilen gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Webinaryň dowamynda gazanylan tejribeler we öwrenilen tehnologiýalar, mugallymlaryň bilim bermekde ukyplaryny, okuwyň hilini, bilim edarasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly ähmiýete eýe boldy. Gatnaşyjylar şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň bilim ulgamyna oňyn täsir ýetirmegini we täzeçil çözgütleriň önümçiligini artdyrmagyny nygtadylar.

Ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş alyp barýan, biz talyp ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim-ylym ulgamynda gazananlaryny öwrenmäge, olary durmuşa geçirmäge, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaga   döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Şöhrat AKMYRADOW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:11 am, Dec 12, 2024
temperature icon -4°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1016 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:13 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
Öňki taryh

Ýokanç keselleriň häzirki zaman newrologiýasynda AI-iň tutýan orny

Next Story

“Altyn asyr” türkmen köli

Soňkylar Habar

GitTop