Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine

14.12.2024

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar.

Berkarar Watanymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde täze nebitgazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir.

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe düzümleri bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanyň tebigy gazyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýakynda «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli täze akymynyň alynmagy we ýurdumyzyň çägindäki beýleki nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bolsa bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de onuň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Gadyrly nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiz energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz geljekde hem şeýle işleri dowam etdireris.

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:40 pm, Dec 28, 2024
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 66 %
Pressure 1013 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:21 am
Sunset Sunset: 5:54 pm
Öňki taryh

Türkmenistan GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyk meýilnamasyny kabul etmäge gatnaşdy

Next Story

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Soňkylar Habar

2025-nji ýylyň şygary

2025-nji ýylyň şygary yglan edildi

28.12.2024
Türkmenistanda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

28.12.2024
27.12.2024 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi

Türkmenistanda Erasmus+ programmasynyň güni bellenildi

28.12.2024
25-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Mary şäherinde, Erasmus+ programmasynyň güni geçirildi. Çärä bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistandaky Erasmus+ Milli

Türkmenistanyň Prezidenti GDA sammitine gatnaşdy

28.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Moskwada Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Beglow bilen duşuşdy

28.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Russiýa saparynyň çäklerinde Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň GDA ýurtlarynyň liderleriniň resmi däl duşuşygyna
GitTop