616a487708ceb707118421 THE ASHGABAT TIMES

Gurluşyk we senagat toplumynda yzygiderli ösüşler

09.12.2024

Häzirki wagtda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen ulag düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar.

Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ösdürilmegine, ägirt uly tebigy baýlyklardan doly derejede peýdalanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän amatly durmuş düzümleri kemala getirilen döwrebap şäherleri we obalary gurmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir.

Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň düzümlerini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Bildirilýän talaplara laýyklykda, gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar.

Oguljennet GARAJAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:57 am, Feb 27, 2025
temperature icon 5°C
переменная облачность
Humidity 56 %
Pressure 1024 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:41 am
Sunset Sunset: 6:57 pm
ec2fb116ba50d064b193fb227c2c146b 8971826 500x281 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 09 12 2024

106de8cd 9cab 42d2 86e8 deec5e4e059b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag ulgamynda uly ösüşler

Soňkylar Makalalar

Ynsan we Tebigat Arasyndaky Baglanyşyk

26.02.2025
Ekologiýa, janly jandarlaryň we olaryň daşky gurşawy bilen özara baglanyşykly bolup durýar. Ýer togalagyndaky her bir jandaryň we birzatlaryň özara täsiri, tebigy balansyň üýtgemegi

Zeminiň ýaraşygy gözel zenanlar

25.02.2025
Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň,

Gözel ýurdum ak mermerleriň mekany

25.02.2025
Eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň

Gurulýan ajaýyp binalar ýurdumyzyň bezegi

24.02.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly
GitTop