Insiderleriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň başlygy wezipesine şu tomus wezipesinden çekilen AMD-niň öňki Prezidenti Wiktor Pen dalaş edip biler.
IanCutress atly ulanyjy, öz çeşmelerine salgylanyp, X.com sosial ulgamynda mümkin bolan belleniliş barada maglumat çap etdi.
Emma Intel tarapyndan heniz tassyklama ýok. Beýleki dalaşgärleriň arasynda häzirki wagtda baş direktor wezipesini paýlaşýan wagtlaýyn ýolbaşçylar Deýwid Sisneo we Mişel Jonston Holthaus görkezilýär.
Kadr üýtgeşmelerine garamazdan, Intel iş depginini haýallatmaýar. Şeýdip, düýn kompaniýa grafiki akseleratorlar bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirip, orta derejeli täze oýun wideo kartoçkalaryny hödürledi.