snimok ekrana 47 1 THE ASHGABAT TIMES

«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşik

02.12.2024

Bilimleriň çeşmesi bolan kitap adamzadyň ýaşaýşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda kitaba söýgi döretmekde we kitaphana işine giňden çekmekde maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary we dürli görnüşli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda, ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda türkmen we dünýä edebiýatynyň wekilleriniň ýiti galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpa, zähmete söýgini döretmek maksady bilen talyp ýaşlarynyň arasynda «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň fakultetara tapgyry geçirildi. Ýaşlary kitap okamaga çekmek, olaryň döredijilige gyzyklanmalaryny ösdürmek, şeýle hem bilim sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige institutymyzyñ talyp ýaşlarynyň birnäçesi işjeň gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ saýlanyp alnan goşgulary, Gahryman Arkadagymyzyñ ajaýyp eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ “Ýaşlar Watanyñ daýanjy”, “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”  atly kitaplary we türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyñ eserleri boýunça düzülen test soraglaryny çözdüler.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gülşat ÇARYÝAROWA
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:02 pm, Feb 2, 2025
temperature icon 5°C
облачно с прояснениями
Humidity 65 %
Pressure 1026 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:10 am
Sunset Sunset: 6:30 pm
6587413a4ac0ce0dd0af1cac6ca6bff95b93f84f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Google we Apple-yň “atçylyk” komissiýalaryndan gaça durmak üçin Roblox web sahypasynda arzanladyşlary teklip etdi

a2bba853a51c9dca13de9f6a117952ddd38686ed THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Realme 8000 mAh batareýaly smartfony çykarar

Soňkylar Habar

Культурный челлендж от Посольства Туркменистана в Бельгии: мир и доверие в каждом слове

31.01.2025
В честь празднования 2025 года, объявленного Международным годом мира и доверия, а также знаменательного 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана, Посольство Туркменистана в Бельгии организовало уникальную
GitTop