Dark
Light
26.01.2026
oba hojalyk01 THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

02.12.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. 

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.  Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ylmy-barlag edaralary tarapyndan ekinleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de gurakçylyga durnukly, ýokary hasyl berýän täze tohumlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Yzygiderli ylmy barlaglaryň geçirilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. 

Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň tagallalary esasynda ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär. Munuň özi ekologik taýdan deňagramlylygy saklamakda, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmakda möhüm ähmiýete eýedir. Oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamlarynyň öňünde biodürlüligi saklamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy ýaly wajyp wezipeler durýar. 

Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi bilen baglylykda, oba hojalyk hem-de senagat önümçiliginiň ýokarlanmagy parnik gazlarynyň artmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyny howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Munuň özi bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Leýli ANNAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

3a30cdfd6254fce478e3ead203f1c5b9f5f7d013 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Google Photos Täzelendi: “Kitaphana” Alynyp, “Kolleksiýalar” Berildi

group happy kids jumping summer meadow 283146 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop