Dark
Light
27.01.2026
dyaifeoigwnhk4qpvyvznkzuootfzjmo2gqcythmdq2syq9c5iz7tvjfzcig 560x400 1 THE ASHGABAT TIMES

Ruhy sagdynlygyň ýörelgesi

10.12.2024

Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde bu ugurdaky milli kanunçylyk hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz welosport, atly sport, awtosport bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenlerimizi halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.

Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň ählisi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezindedir. Asylly däbe görä, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiz milli sporty ösdürmäge goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda aýratyn tapawutlanan türgenleriň we olaryň tälimçileriniň hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylmagy olaryň Watanymyzyň dünýädäki abraýyny arşa galdyrýan üstünliklerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň türgenleri şeýle tagallalara mynasyp jogap edip, iri sport ýaryşlarynda Döwlet tugumyzy belende göterýärler.

Gülälek BABAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

neurosurgery 2101 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Neýrohirurgiýa hünäriniň ähmiýetleri

imagezjb2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eldekleşdirilen haýwanlaryň tutýan orny we ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop