Dark
Light
26.01.2026
group happy kids jumping summer meadow 283146 3 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

02.12.2024

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny goramak maksady bilen, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Däp bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tutuş ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde konsertler, sergiler, ýaryşlar, sport çäreleri geçirilýär, sahna oýunlary görkezilýär.  Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, howpsuz, beden, ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri özünde jemleýän durmuş gurşawy kemala getirildi. Bilim özgertmeleri, uly möçberdäki döwlet maýa goýumlary bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, ugurdaş düzümleriň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Bagtly çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistanda ýaş nesliň saglygyny berkitmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.

Läle MAKSADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba hojalyk01 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

1732791887 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Ýaşyl energetikany” ösdürmek boýunça halkara maslahat  geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop