Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy noýabrda Çengdu şäherinde hytaýly kärdeşi Wang Yi bilen duşuşdy. Gepleşikleriň netijesinde diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeliligini bellediler. Olaryň pikiriçe, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösmegine ýokary derejeli, hökümet we ministrlikara yzygiderli aragatnaşyklar ýardam edýär. Bu nukdaýnazardan taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli mehanizmi hökmünde bilelikdäki hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň çykyş edýändigini nygtadylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn dialogyň netijeliligini hem bellediler.
Mundan başga-da, diplomatlar energiýa, transport-kommunikasiýa baglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki işleriň barşyny seljerdiler. Taraplar 2025-nji ýylda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselelerine hem seretdiler.